Eýran koronawirusyň ýurtda ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen türmelerinden 85 müň tussagy wagtlaýyn boşadýar.
Adalat ministrliginiň metbugat wekili Gholamhossein Esmailiniň 17-nji martda aýtmagyna görä, türmeden boşadylan bendileriň arasynda syýasy tussaglar hem bolar.
"Boşadylanlaryň 50% çemesi howpsuzlyk bilen baglylykda tussag edilenler. Şeýle-de, tussaghanalarda keselçiligiň ýaýramazlygy üçin öňüni alyş çäreler görülýär" diýip, Esmaili aýtdy, emma jikme-jikleri mälim etmedi.
Eýranda 19-njy fewraldan bäri koronawisurdan 853 adam wepat boldy, jemi kesellänleriň sany 15 000 töwereginde tassyklandy. Eýran Hytaýyň daşynda kesellänleriň sany boýunça dünýäde ikinji ýerde durýar.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.