Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusa garşy görşeşiň fonunda global maliýe bazarlar çökýär


illýustrasiýa suraty
illýustrasiýa suraty

Dünýäniň maliýe bazarlary, şol sanda soňky 30 ýylyň dowamynda iň agyr ýitgi çeken ABŞ-nyň fond biržalary uly çökgünlige duçar boldy.

Bu ýagdaý koronawirusyň dünýä tiz ýaýramagynyň we onuň öňüni almak boýunça görülýän düýpli çäreleriň global ykdysadyýeti çökgünlige eltmegine bildirilýän aladalanmalaryň fonunda döredi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp amerikanlary 10 adamdan köp sanly üýşmeleňlerden saklanmaga çagyrdy we görülýän çäreleriň azyndan tomusa çenli dowam etjekdigini duýdurdy. Onuň agzan wagt möhleti onsuzam dowula düşen maliýe bazarlary hasam öjükdirdi.

Amerikan senagat indeksi The Dow Jones 12.9% pese gaçdy, 16-njy martda günüň soňunda maliýe söwda 20,188 görkeziji bilen tamamlandy. Bu görkeziji senagat indeksiniň taryhynda iň agyr ýitgileriň biri hasaplanyp, 1987-nji ýylyň "gara duşenbe" diýlip tanalýan senesindäki derejesine deň boldy.

XS
SM
MD
LG