Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde COVID-19 sebäpli 7 155 adam ýogaldy, 79 müň adam sagaldy


illýustrasiýa suraty

Dünýäde soňky gije-gündizde COVID-19 sebäpli 620 adam ýogalyp, heläkçilikli ýagdaýlaryň sany 7 155 adama ýetdi, 79 müň adam doly sagaldy. Ähli ýurtlarda wirus ýokaşan adamlaryň jemi hasaba alnan sany 182 000 adama ýetdi. Soňky gije-gündizde ähli ýurtlarda täze kesellänleriň sany 12 352 adamdan aşdy. Wirus 150-dan gowrak ýurtda hasaba alyndy.

Iň agyr ýagdaý Italiýada hasaba alyndy. Soňky gije-gündizde Italiýada 349 adam koronawirusdan ýogaldy. Jemi bu ýurtda epidemiýadan 2 158 adam ýogaldy.

Ýewropa ýurtlary koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin berk çäklendirmeleri amala aşyrýarlar.

Ýewropa komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Ýewropa Bileleşiginiň giňişligine syýahatçylygy wagtlaýynda çäklendirmegi teklip etdi. Iňňän zerur hasaplanylmadyk syýahatlaryň 30 günlük möhlet bilen ýatyrylmagy göz öňünde tutulýar. Şeýlede, resmi serhetlerden iňňän zerur ýükleri geçirmek üçin "ýaşyl korridory" döretmegi teklip etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG