Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öýlerine dolanýan müňlerçe işçi Wengriýanyň Rumyniýa bilen serhet geçelgesine geldi


Wengriýanyň Rumyniýa bilen serhet geçelgesine gelen ýüzlerçe ulag. 18-nji mart, 2020 ý.

Günbatar Ýewropadan dolanyp gelýän müňlerçe işçi, Awstriýada polisiýanyň gözegçiligi astynda syýahat edenden soňra, gijäň ýary Wengriýanyň Rumyniýa bilen serhedine geldi.

Budapeşt koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak maksady bilen özüniň serhet geçelgelerini ýapandan soň, 7 müň çemesi rumyniýaly 24 sagada golaý Awstriýa bilen Wengriýanyň serhedinde ýolundan saklanypdy.

Bu rumyniýalylaryň köpüsi dünýäde wirusdan iň köp ejir çeken ikinji we dördünji ýurtlardan - Italiýadan we Ispaniýadan – dolanyp gelýärdiler.

Wengriýanyň premýer-ministri Wiktor Orbanyň hökümeti 17-nji marta geçilen gijeden başlap giň gerimli çäklendirmeleri güýje girizdi. Bu çäklendirmeleriň çäginde daşary ýurtlular üçin guryýer geçelgeleri, şeýle-de aeroportlardaky serhet geçelgeleri ýapyldy.

Rumyniýanyň media serişdeleri 18-nji martda irden Nagylak-Nadlak serhet geçelgesine 800-den gowrak ulagyň gelendigini habar berdiler.

Bu waka Rumyniýanyň daşary işler ministri Bogdan Auresçunyň haýyşyndan soň, Wengriýanyň hökümetiniň “ynsanperwer koridory”, ýagny serhedi bir gezeklik açmaga razy bolmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG