Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Praganyň häkimiýetleri köpçülikleýin ýerlerde adamlaryň öz ýüzüni hökmany ýapmalydygyny aýtdy


Praganyň metrosynda ýüzi gorag maskaly sapar edýän ýolagçylar.
Praganyň metrosynda ýüzi gorag maskaly sapar edýän ýolagçylar.

Çehiýanyň paýtagty Praganyň häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak üçin görýän çärelerini has-da berkidip, köpçülikleýin ýerleriň aglabasynda adamlaryň öz ýüzüni ýapmalydygyny aýtdylar.

Praganyň häkimi Zdenek Hribiň Facebookda ýazan maglumatyna görä, berkleşdirilen bu düzgünler 18-nji martda günortan wagty güýje girýär.

"Men agzynda we burnunda gorag örtügi bolmadyk adamlaryň jemgyýetçilik transportyna, adatdan daşary ýagdaý döwründe işleýän kärhanalara, sosial we saglyk edaralaryna, jemgyýetçilik edaralaryna, administratiw guramalara, tiz kömek hyzmatlaryna, bilim edaralaryna, poçta bölümlerine, dermanhanalara hem-de awtobus we demir ýol menzillerine girmegini, galmagyny we hereketini gadagan edýärin” diýip, Hrib ýazdy.

Howpsuzlyk çärelerini güýçlendirmek baradaky teklip ýurduň koronawirus boýunça iş alyp barýan işçi topary tarapyndan bir gün ozal hödürlenipdi. Hrib ony yglan etmezden öň tassyk edipdi.

Karara laýyklykda, düzgüni bozan adamlara 20 müň kron, ýagny ortaça $813 amerikan dollary möçberinde pul jerimesi salnar.

18-nji martdaky resmi maglumatlara görä, Çehiýa respublikasynda bu wirus 484 adama ýokuşdy, ýöne bu keselden hiç kim ölmedi.

XS
SM
MD
LG