Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ owgan hökümetini we "Talybany" ýesirleri boşatmakda herekete ündeýär


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

ABŞ Owganystanyň hökümetiniň we "Talybanyň" ýesirleri boşatmak işine "mümkin boldugyndan tiz" başlamalydygyny aýtdy we koronawirusyň global pandemiýasynyň gyssag döredýändigini belledi.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad "koronawirus tussaglaryň boşadylmagyny gyssaýar, wagtyň uly ähmiýeti bar" diýip, 18-nji martda Twitterde ýazdy.

29-njy fewralda Halilzad "Talybanyň" wekilleri bilen Owganystanda 19 ýyl bäri dowam edýän urşy soňlamak maksadyny öz öňünde goýýan ylalaşyga gol çekdi.

Ylalaşykda owgan ara gepleşiklerden öň Owganystanyň hökümetiniň "Talybanyň" 5000 golaý agzasyny tussaglykdan boşatmagyny, şeýle-de owgan hökümetiniň "Talyban" tarapyndan ýesir alnan esgerleriniň boşadylmagyny talap edýär.

Owgan hökümeti bilen göni gepleşiklerden ýüz öwürýän "Talyban" ylalaşyga boýun bolmaga taýýardygyny aýtdy, emma başga öz söweşijileriniň boşadylmagyny talap etdi.

XS
SM
MD
LG