Ýewropada koronawirusyň pandemiýasyndan iň uly ýitgi çeken Italiýa 10-njy martda girizen çäklendirmeleriniň möhletini uzaldýandygyny yglan etdi. Bu ýurtda koronawirusdan ýogalanlaryň sany ýene esli artdy.
"Alnyp barylýan çäreler ... olaryň başdaky möhletinden uzaldylmaly" diýip Italiýanyň premýer-ministri Giuseppe Conte 19-njy martda ýurduň "Corriere della Sera" gazetine beren interwýusynda aýtdy.
Italiýada 3-nji aprele çenli girizilen häzirki çäklendirmeler ýerli ilata diňe işe barmak, saglyk ýagdaýy ýa-da adatdan daşary ýagdaýlar sebäpli köçä çykmagy rugsat berýär. Azyk satýan dükanlardan we dermanhanalardan başga dükanlaryň köpüsi 25-nji marta çenli ýapyk galýar.
Italiýada koronawirusdan ýogalan adamlaryň sany koronawirusyň dekabrda ýüze çykan ýeri Hytaýyňky bilen deňledi. 19-njy martda Italiýada ýene 475 adam ýogaldy we ölenleriň sany 2 900 adama ýetdi. Italiýadan 23 esse has köp ilatly Hytaýda şu wagta çenli 3 200 adam koronawirusdan ýogaldy.
Adam ýitgisi iň ýokary ýurtlaryň ýene biri Eýranda 1000-den gowrak adam koronawirusdan ýogaldy.