Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýetde COVID-19 keselinden bir adam ýogaldy


Sankt Peterburg (illýustrasiýa suraty)

Orsýetde COVID-19 keseli sebäpli ilkinji heläkçilikli ýagdaý hasaba alyndy.

Ýurduň koronawirus boýunça işçi toparynyň 19-njy martda habar bermegine görä, Moskwada koronawirusdan bejergi alan 79 ýaşly zenanyň ençeme saglyk problemalary bolupdyr.

Maglumatda Moskwanyň No 2 ýokanç keseller hassahanasynyň baş lukmany Swetlana Krasnowa salgylanyp habar berilmegine görä, ýogalan zenanyň öňden gant keseli, ateroskleroz, ýokary gan basyşy bilen bagly ýürek keseli ýaly saglyk problemalary bolupdyr.

Orsýet koronawirus sebäpli kesellän 147 adamyň hasaba alnandygyny tassyklady.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG