Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan koronawirusyň ýaýramagy sebäpli paýtagtyny ýapýar


Baku
Baku

Azerbaýjan öz paýtagty Bakuwy ýapyp, ýurtda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almaga synanyşýar.

Hökümetiň kararyna görä, 19-njy martda Bakuw, golaýdaky Sumgaýit şäheri we Abşeron etraby tiz kömek, ýük daşaýjy we halas edijiler hem ýol heläkçiligine degişli toparlaryň ulaglaryndan başga ähli awtoulaglar üçin ýapylýar.

Bu çäklendirme 29-njy marta çenli dowam eder.

Baku, Sumgaýit şäheri we Abşeron etraby arasynda, şeýle-de tutuş ýurduň içindäki ähli demirýol gatnawy ýatyrylýar.

Azerbaýjan koronawirusly 34 adamyň hasaba alnandygyny we bir adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Goňşy Ermenistanda 16-njy martda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi we koronawirus ýokaşan 115 adam hasaba alyndy.

Günorta Kawkaz ýurtlaryň ýene biri Gürjüstanda koronawirus bilen 40 adam hasaba alyndy.

XS
SM
MD
LG