Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa koronawirus sebäpli ähli halkara uçar gatnawlaryny togtatdy


Rus resmileri 25-nji martda ýurt boýunça 658 adamyň koronawirus bilen hasaba alnandygyny mälim etdi

Russiýanyň hökümeti koronawirus pandemiýasynyň öňüni almak üçin göreşýän mahaly, 27-nji martdan Russiýanyň içerki we halkara ähli adaty hem-de çarter uçar gatnawlaryny togtatdy.

Hökümet 26-njy martda, eger howaýollary kompaniýalary hökümetiň ýörite rugsadyny alsalar, olara rus raýatlaryny ýurda getirmek maksady bilen daşary ýurtlara uçmaga rugsat beriljekdigini mälim etdi.

Rus resmileri 26-njy martda ýurt boýunça 840 adamyň koronawirus bilen hasaba alnandygyny mälim etdi, olaryň täze 136 sanysy diňe Moskwanyň özündedir.

Koronawirus aladalary sebäpli, prezident Wladimir Putin 25-nji martda özüne 2036-njy ýyla çenli häkimiýet başynda galmaga ýol açýan konstitusiýa üýtgetmeleri boýunça öňümizdäki aý geçiriljek referendumy yza süýşürdi.

25-nji martda rus premýer ministri Mihail Mişustin koronawirus hassalaryny hassahana düşekleri bilen üpjün etmek boýunça regional gubernatorlara tabşyryk berdi. Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin bolsa 28-nji mart – 5-nji aprel aralygynda paýtagtda ähli garbanyşhanalaryň, söwda we dynç alyş merkezleriniň hem-de seýilgähleriň ýapylmagyny buýruk berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG