Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak goşuny: Bagdadyň Ýaşyl zolagyna iki raketa atyldy


Illýustrasiýa suraty. Yragyň Ýaşyl zolagynda hökümet binalary we daşary ýurt wekilhanalary ýerleşýär.
Illýustrasiýa suraty. Yragyň Ýaşyl zolagynda hökümet binalary we daşary ýurt wekilhanalary ýerleşýär.

Bagdatda hökümet binalarynyň hem-de daşary ýurt wekilhanalarynyň ýerleşýän ýeri bolan berk goragly Ýaşyl zolagyň çägine 26-njy martda irden iki raketa atyldy, ýöne ýitgi çekilmedi diýip, Yrak goşuny habar berýär.

“Bagdadyň operasiýa merkeziniň golaýyna iki katýuşa gaçdy. Jikme-jiklikler gelýär” diýip, harby beýanatda aýdyldy.

Göz öňünde tutulan nyşana raketanyň düşen ýerinden birnäçe metr aradaşlykda ýerleşýän Birleşen Ştatlaryň ilçihanasy ýaly bolup görünýär diýip, yrakly howpsuzlyk çeşmesi aýtdy.

Bu geçen oktýabrdan bäri Yragyň çägindäki daşary ýurt goşunlarynyň hem-de diplomatlarynyň ýerleşýän desgalaryna gönükdirilen 26-njy hüjümdir. Hüjümiň jogapkärçiligini derhal öz üstüne alan bolmady.

XS
SM
MD
LG