Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Öňki FBI agentiniň Eýran türmesinde ölendigi baradaky habarlardan soň, ABŞ jogap talap edýär


Öňki FBI agenti Robert Lewinson 2007-nji ýylda Eýranda ýitirim boldy.

Birleşen Ştatlary Eýran türmesinde ölendir öýdülýän pensiýadaky FBI agenti babatynda Tähranyň “doly hasap bermegini” talap edýär.

Ak tamyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Robert O’Braýn: “Häzirki wagtda derňew işleri dowam edýän mahaly, biz Bob Lewinson birnäçe wagt mundan ozal ölendir diýip pikir edýäris” diýip, 13 ýyl mundan ozal 58 ýaşynda ýitirim bolan amerikaly barada 25-nji martda ýaýradan beýanatynda aýtdy.

“Bu ýagdaý bilen bagly Birleşen Ştatlaryň bolan zatlary doly kabul etmeginden ozal, Eýran Bob Lewinson babatynda doly hasap bermeli” diýip, O’Braýn aýtdy.

Lewinsonyň maşgalasy irden ABŞ-nyň hökümetinden onuň ykbaly barada habar alandygyny aýtdy.

Maşgalanyň habaryndan hem-de O’Braýnyň teswirlerinden soň, prezident Donald Tramp žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda “Men onuň ölendigini kabul etmerin” diýdi.

“Lewinson tussag edilmezinden ozal “uzak wagtdan bäri syrkawdy” diýip Tramp aýtdy. Ol onuň maşgalasyna çuňňur gynanç bildirýändigini, ýöne Lewinsonyň diridigi barada heniz hem biraz umydyň bardygyny sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG