Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ senatory Hytaýy koronawirus barada ýalan ýaýmakda aýyplaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Birleşen Ştatlaryň bir senatory Hytaýyň Kommunist partiýasyny koronawirus keseli barada aldamakda we “zibil propaganda” ýaýmakda aýyplaýar.

“Birleşen Ştatlarda Hytaýdan has köp koronawirus ölümleriniň bardygyny öňe sürýän maglumat ýalan” diýip, senator Ben Sasse 1-nji aprelde beren beýanatynda aýtdy.

Bloomberg geçen hepde Ak tama hödürlenen bir aňaw maglumaty barada habar bereninden soň, Nebraskadan respublikan hem-de Senatyň aňtaw komitetiniň agzasy beýanat ýaýratdy.

“Haýsydyr bir gizlin maglumaty teswirlemezden, bu gaty aç-açan görünýär: Hytaýyň Kommunist partiýasy režimini goramak üçin koronawirus barada ýalan sözläp geldi, ýalan sözleýär we ýalan sözlemäge dowam etdirer” diýip, Sasse aýtdy.

Bütindünýä Saglyk Guramasy, garaşsyz žurnalistler hem-de bu erbet wirusy ýok etjek amerikan epidemiologlary Hytaýyň “zibil propagandasyna” ygtybar etmeli däl diýip, Sasse aýtdy.

XS
SM
MD
LG