Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Hytaý koronawirus pidalarynyň ýasyny tutýar, dünýä ýüzünde keseliň möwjemegi dowam edýär


Pekin. Demirýol işgärleri ýas çäresine gatnaşýar. 4-nji aprel, 2020.

Hytaý koronawirusdan ýogalan müňlerçe raýatynyň ýasyny tutdy, ejir çekenlere gynanç bildirdi, emma beýleki ýurtlarda pandemiýanyň ýaýramagy adam heläkçiliklerine we ykdysady ýitgilere sebäp bolmagyny dowam etdirýär.

Hytaýda 4-nji aprelde milli baýdak ýurt boýunça ýarpy aşak goýberildi we her dürli tomaşa çärelerini geçirmek togtadyldy.

Ýas güni ýyllyk Kingming mazar süpürmek festiwalynyň başlanmagyna gabat geldi, bu günde millionlarça hytaýly gonamçylyklara zyýarat edip, ata-babalaryna hormat goýup, ýakynlarynyň mazarlaryna esewan edýär.

Wuhan häkimiýetleri, pandemiýanyň başlanan şäheriniň ýolbaşçylar mazar süpürmek işleriniň ählisini azyndan 30-njy aprele çenli gadagan etdi. Ýurduň beýleki ýerlerinde häkimiýetler raýatlaryň mazar süpürmek işlerini gonamçylyk işgärlerine ynanylmagy sorady.

Hytaý 4-nji aprelde ýene 19 sany täze näsagyň hasaba alnandygyny, dört näsagyň bolsa bu keselden ýogalandygyny, bu maglumatlaryň ählisiniň Wuhana degişlidigini habar berdi.

Hytaý indi jemi 81,639 näsagyň hasaba alnandygyny, 3,326 näsagyň koronawirusdan ölendigini aýdýar.

Emma ekspertler Hytaýyň çap edýän resmi sanlaryna şübheli garaýarlar, sebäbi bu ýurtda ýerli media agyz senzura sezewar edilýär, daşary ýurt habar serişdelerine elýeterlilik berk çäklendirilen baolmagynda galýar

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG