Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanda 9 saglyk işgärine koronawirus ýokuşdy


Bezeg suraty

Gyrgyzystanda koronawirus ýokuşan 144 adamyň 9 sanysy saglyk işgärleri bolup durýar.

Düýn olaryň sany 8 adamdy, bu gün ýene biri üstlerine goşuldy. Olaryň ählisi koronawirus göteriji bolup durýar.

Bu barada 4-nji aprelde guralan brifing wagtynda Saglyk ministrliginiň resmisi Kasymbek Mambetow habar berdi.

Wirus ýokuşan lukmanlaryň ýedisi Jalalabat sebitinde işleýär, biri Bişkekde, beýlekisi Oşda.

4-nji apreldäki maglumatlara görä, Gyrgyzystanda COVID-19 ýokuşan täze 14 näsag hasaba alyndy.

Wirus ýokuşanlaryň umumy sany 144 adama ýetdi. Olaryň 6 sanysy wirusdan saplandy, biri ýogaldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG