Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda ýaş tussag howpsuzlyk resmileriniň urup-ýençmegi netijesinde heläk boldy


Rupert Kolwil
Rupert Kolwil

BMG tussaglar koronawirus pandemiýasy sebäpli boşadylmaklary üçin protest bildirenlerinden soň, Eýranda türme sakçylary tarapyndan urlup-ýenjilende ýogalan kämillik ýaşyna ýetmedik tussagyň ölümi baradaky habardan “hopugandygyny” aýdýar.

BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarlygy 3-nji aprelde Daniel Zeinolabediniň 28-nji martda, Eýranyň günbatar Azerbaýjan welaýatyndaky türmede bolan gozgalaň wagtynda “gazaply urlup-ýenjilendigi barada habar alandygyny" aýtdy.

Mahabad türmesindäki tussaglar “öz türme şertlerinden we häkimiýetleriň olary COVID-19 pandemiýasy mahalynda wagtlaýyn azat etmezliklerine” garşy potest bildiripdirler diýip, guramanyň metbugat wekili
Rupert Kolwil (Colville) aýtdy.

2017-nji ýylyň sentýabrynda, 17 ýaşyndaka adam öldürmekde aýyplanyp, ölüm jezasy berlenleriň arasynda saklanylýan Zeinolabedini özüniň bigünädigini aýdýardy.

Ol şol bir sebitdäki Miandoab türmesine geçirilmezinden öň ýeke adamlyk kamera ýerleşdirildi we Mahabad türmesiniň howpsuzlyk resmileri tarapyndan ýenjildi. Oňa täze geçirilen ýerinde hem ejir berdiler.

Kolwil 28-nji martda ýenjilen we Miandoab türmesine geçirilen beýleki alty tussagyň ykbaly babatynda hem alada bildirdi we häkimiýetleri “olaryň janyny halas etmek üçin ähli zerur çäreleri görmäge” çagyrdy.

XS
SM
MD
LG