Owganystanyň Içeri işler ministrligi ýaragly adamlaryň Kabulyň eteginde prezident goragçysyny atyp öldürendiklerini aýdýar.
Ministrligiň metbugat wekili Tarik Arian 4-nji aprelde şol gün, 3-nji aprel güni giçlik Kabul etrabynyň Paghman etrabynda bolan hüjüm wagtynda prezident janpenalarynyň ýene biriniň ýaraly bolandygyny aýtdy.
Prezident goragçylarynyň ol wagt öz gulluk, wezipe borçlaryny berjaý edip-etmändigi aýdyň däl.
Arian bu hüjüm boýunça derňew işleriniň başlanandygyny aýtdy.
Hüjümiň jogapkärçiligini häzirlikçe hiç topar öz üstüne almady, adatça beýle hüjümlerde öň “Talyban” aýyplanýardy.
ABŞ tarapyndan tälim berlen prezident goragçylary topary prezident Aşraf Ganiniň saýlama goragçylary bolup gulluk edýär.