Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda hasaba alnan COVID-19 näsaglaryny sany 569-a ýetdi


Şymkent we Türkestan sebitleriniň araçäginde koronawirus barlagy geçirilýär.

Gazagystanda ýene 18 adama koronawirusyň ýokuşandygy tassyklandy. Gazagystanyň saglyk ministrliginiň 5-nji apreldäki maglumatyna görä, näsaglaryň bäşisi Almatyda hasaba alyndy; Karaganda we Türkestan sebitleriniň hersinde 4 adama, Akmola sebitinde 3 adama, Atyrau we Kyzylorda sebitleriniň hersinde bir adama wirus ýokuşdy.

Ýurtda hasaba alnan 569 koronawirus näsagynyň 58 prosente golaýy paýtagtda we Almatyda (degişlilikde 219 we 115) hasaba alyndy, Şymkent şäherinde 13 näsag hasaba alyndy.

Karaganda we Kyzylorda sebitleriniň hersinde eýýäm 31-nji näsag hasaba alyndy.

Beýleki regionlaryň hem ählisinde kesel ýokuşanlar bar: Akmola we Atyrau sebitleriniň hersinde 23 näsag, Jambylda 28, günbatar Gazagystanda sebitinde 5, Almaty we Aktobe sebitleriniň hersinde 10, Demirgazyk Gazagystan sebitinde 25, Türkestan sebitinde 29, Mangistau sebitinde 3 näsag hasaba alyndy.

Günbatar Gazagystan sebitinde – 2, Pawlodar we Kostanaý sebitleriniň hersinde 1 koronowirus näsagy bar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG