Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýada ikinji futbol ýyldyzy koronawirus çäklendirmelerini bozup, üç aý öý tussagy edildi


Serbiýanyň futbol ýyldyzy Aleksandar Prijowiç ýurduň koronawirusa garşy göreşmek üçin girizen çäklendirmelerini bozany üçin saklanyp, Belgraddaky sud tarapyndan üç aýlyk öý tussaglygyna höküm edildi.

Saud Arabystanynyň “Al Ittihad” futbol komandasynda hüjümçi bolup oýnaýan 29 ýaşly futbolçy Serbiýanyň koronawirus boýunça girizen çäklendirmelerini bozan ikinji sportçysy bolup durýar. Mundan öň “Real Madridiň” oýunçysy Luka Jowiç hem karantin düzgünlerini bozmakda tutuldy.

Serbiýanyň COVID-19-yň ýaýramagyny haýallatmak maksady bilen girizen adatdan daşary ýagdaýlar düzgüni we barha berkidýän çäklendirmeleri esasynda, düzgüni bozanlar üç ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilip bilner.

Habarlarda futbolçynyň ýene 19 adam bilen bilelikde, 3-nji aprelde paýtagtdaky myhmanhananyň barynda tussag edilendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG