Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwadan we Sankt Peterburgdan Kaliningrada ýolagçy demirýol gatnawy ýatyryldy


Kaliningrad, 1-nji aprel, 2020
Kaliningrad, 1-nji aprel, 2020

Orsýet koronawirusyň ýaýramagyny öňüni almak üçin iki iň uly şäheriniň we Baltiýadaky Kaliningrad enklawynyň arasyndaky ýolagçy demirýol gatnawyny wagtlaýyn bes edýär.

Orsýetiň döwletiň gözegçiligindäki demirýoly 6-njy aprelden başlap Moskwadan we Sankt Peterburgdan gatnawy ýatyrýar diýip döwlet mediasy habar berýär. Uzynlygy 20 we 26 sagatlyk ýol Belarusyň we Litwanyň üstünden geçýär.

Ýolagçy otly gatnawy iki taraplaýyn ýatyrylýar.

Orsýetiň demirýol edarasy gatnawyň dikeldiljek wagtyny agzamady.

Kaliningrad Polşanyň we Litwanyň arasynda ýerleşýär we Baltiýa deňzine çykýar.

Orsýet beýleki ýurtlar ýaly syýahatçylygy çäklendirýän çärelerini girizdi we COVID-19 keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen halkara howa gatnawyny ýatyrdy.

Orsýetde koronawirus bilen hasaba alnanlaryň sany 5-nji aprelde 5 389 adama ýetdi, 45 adam ýogaldy.

XS
SM
MD
LG