Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň prezidenti 'tümlügiň soňunda ýagtylyk görýär


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ýurduň COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşde amerikan resmileriniň berýän agyr çaklamalaryna garamazdan, umyt şöhlelerini görýändigini aýdýar.

Tramp 5-nji aprelde eden çykyşynda, geljekki iki hepdede ýurtda kesel zerarly ölüm derejesiniň "aýylganç" boljagyny boýun aldy, emma täze infeksiýadan iň uly ejir çekýän ştatlaryň görkezijileriniň kadalaşmagyna umyt bildirdi.

Şeýle-de, Tramp ABŞ-nyň koronawirusa garşy waksinany tapmak boýunça işlerde "örän öňe ädendigini" belledi, emma takyk delil ýa-da san bermedi.

«Biz tümlügiň soňunda ýagtylyk» görýäris diýip ABŞ-nyň prezidenti 5-nji aprelde aýtdy.

Şu ýyl ýene bir prezidentlik möhletine dalaş edýän Tramp koronawirusyň pandemiýasy babatynda ýurduň ýagdaýyna aşa optimistik garamakda tankyt edilýär.

Şu günki gün koronawirus dünýäniň 182 ýurduna ýaýrady. Dünýäde jemi kesellänleriň sany 1 million 250 müňden aşdy. 68 müňden gowrak adam ýogaldy.

XS
SM
MD
LG