Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Britan premýer-ministriniň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşýan mahaly, pandemiýadan ölenleriň sany artýar


Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonhson

Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonhson keselhananyň intensiw bejeriş bölüminde koronawirusa garşy göreşýän mahaly, pandemiýa Ýewropada we Birleşen Ştatlarda ölenleriň täze sanyny kesgitläp, bütin dünýäde ýaýramagyny dowam etdirýär.

Johnsonyň saglyk ýagdaýy ýaramazlaşandan soňra, 6-njy aprelde ol intensiw bejeriş bölümine geçirildi.

55 ýaşly Johnsonyň huşundadygyny we oňa wentilýator dakmaga häzirlikçe zerurlygyň ýokdugyny, britan premýer-ministriniň edarasy aýtdy.

Bu habar Britaniýada COVID-19 wirusdan ölenleriň sany 400 adamdan gowrak artyp, tutuş ýurt boýunça heläk bolanlaryň jemi sanynyň 5400-e golaýlan mahalyna gabat geldi.

Fransiýada koronawirusdan heläk bolanlaryň sany rekord derejede artyp, ýurtda ýene 833 adam öldi.

24 sagadyň dowamynda Birleşen Ştatlarda wirusdan başga-da 1150 adamyň heläk bolandygy hasaba alyndy.

Koronawirusyň peýda bolan ýeri Hytaýda ilkinji gezek, 24 sagadyň dowamynda, wirusdan ölen adam bolmady.

Ýöne dünýä liderleri, eger adamlar öýlerinde galmak we sosial aralyk düzgünlerini berjaý etmegi dowam etdirmese, onda islendik üstünligiň yza tesip biljekdigini duýdurýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG