Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Makron Rohani bilen telefon söhbetdeşliginde Eýrany ýadro borçnamalaryna hormat goýmaga çagyrdy


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron dünýä öz ünsüni koronawirus pandemiýasyna gönükdiren mahaly, Eýrany ýadro borçnamalaryna hormat goýmaga çagyrdy.

6-njy aprelde geçirilen telefon söhbetdeşliginde Makron Eýranyň prezidenti Hassan Rohanä wirusyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin halkara jemgyýetçiliginiň bir ýere jemlenmelidigini aýtdy.

Makron, Eýranyň "ýadro borçnamalaryna hormat goýup, Hereket etmek boýunça bilelikdäki köptaraplaýyn plana (JCPOA) ters gelýän täze çäreleri kabul etmekden gaça durjakdygyna we sebitdäki dartgynlygy gowşatmaga goşant goşjakdygyna” umyt edýär diýlip, hökümet beýanatynda aýdylýar.

Rohaniniň edarasy gepleşigiň çäginde Eýranyň prezidentiniň täze koronawirusa garşy halkara derejesinde utgaşdyrylan göreşe çagyrandygyny we goldaw sorandygyny aýtdy.

“Bilelikdäki global hyzmatdaşlyk we tejribe alyş-çalşygy bolmasa, bu möhüm tapgyryň hötdesinden gelip bilmeris” diýip, Rohani aýtdy.

6-njy aprelde irden adam hukuklaryny gorap çykyş edýän Human Rights Watch (HRW) guramasy Birleşen Ştatlary Eýrana garşy ykdysady sanksiýalary ýeňilleşdirmäge we pandemiýa döwründe ýurduň möhüm ynsanperwerlik çeşmelerine elýeterliligini üpjün etmek üçin sanksiýalardan boşadylýan zatlaryň ygtyýarnamasyny giňeltmäge çagyrdy.

Eýran we Birleşen Milletler Guramasy, ABŞ-nyň käbir kanunçykaryjylary hem-de başga-da birnäçe ýurt sanksiýalary ýeňilleşdirmek barada şuňa meňzeş analog haýyşlary etdiler.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp Tährana ynsanperwer kömegi teklip etdi, emma Eýranyň resmileri muny ret etdi.

Eýran koronawirusdan agyr ejir çeken ýurtlaryň biridir. Eýranda bu wirus 60 müňden gowrak adama ýokuşdy we ondan 3700-den gowrak adam öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG