Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy we onuň hyzmatdaşlary “Tom Renner” baýragyna mynasyp boldy


AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugyndan, Guramaçylykly jenaýaty we korrupsiýany aýdyňlaşdyrýan proýektden (OCCRP) we “Kloop” atly gyrgyz websaýtyndan düzülen bilelikdäki topar 2019-njy ýylyň “Tom Renner” adyndaky baýragyna mynasyp boldy.

Düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän Derňew žurnalistleri we redaktorlary (IRE) guramasynyň bilelikdäki topara beren bu baýragy olaryň dünýäniň iň garyp ýurtlarynyň biri bolan Gyrgyzystandan köp mukdarda nagt pul çykyşyny paş edýän işi üçin gowşuryldy.

6-njy aprelde Derňew žurnalistleri we redaktorlary guramasy “Merkezi Aziýanyň ýüreginde talaňçylyk we howandarlyk” atly birnäçe bölümlik işiň "adamlaryň öldürilmek derejesine çenli aýdyňlaşdyrylmagyny islemeýän zadyny açmagyň hakyky kesgitlemesidigini we munuň žurnalistler üçin gürrüňsiz howply bolandygyny” aýtdy.

Bilelikdäki media derňewi Hytaýyň demirgazyk-günbatar sebiti Şinjiangdan bolan, özüniň bikanun pul ýuwujydygyny boýun alan 37 ýaşly uýgur telekeçisi Aierken Saimaitiniň Gyrgyzystandan ýüzlerçe million dollary çykarandygyny, onuň aglabasynyň Habibula Abdukadyryň ýolbaşçylygyndaky biznes torunyň üsti bilen geçirendigini açyp görkezýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG