OpenLayers

Koronawirus infeksiýasy nähili ýaýraýar. Karta täzelenip durýar

Bu interaktiw karta, John Hopkins uniwersitetiniň, BSG-niň we Worldometers.info-nyň maglumatlary esasynda, wirusyň dünýä ýaýraýşyny görkezýär.

Bu sanlar hökümetler tarapyndan berlen maglumatlara esaslanýar. Köp ýurtda şeýle maglumatlaryň ýaýradylmagynda çäklendirmeler ýa-da wakanyň doly aýdylmazlygynyň mümkindigi barada sebäpler bar.

Bu maglumatlaryň usulyýeti, aç-açanlygy we hili ýurtlar boýunça düýpgöter üýtgäp biler. Bu mesele barada has giňişleýin maglumaty şu ýerden okaň.