Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýewiň gyzy we agtygy Londondaky sudda ýeňiji boldy


Öňki prezident N.Nazarbaýew we onuň gyzy Dariga
Öňki prezident N.Nazarbaýew we onuň gyzy Dariga

Gazagystanyň syýasy elitasynyň iki agzasy – ozalky prezident Nursoltan Nazarbaýewiň gyzy we agtygy Londonda “esaslandyrylmadyk baýlyk” işi boýunça geçirilen sudda ýeňiji boldy.

Ýokary sud Angliýanyň jenaýata garşy milli gullugynyň Dariga Nazarbaýewanyň we onuň agly Nuraly Aliýewiň Londondaky emläkleriniň bikanun ýollar bilen alnandygy baradaky tassyklamasyny nädogry hasaplady.

Sud seljerişliginde umumy bahasy 80 million funt sterlingden gowrak serişdä durýan üç jaý hakynda gürrüň edilýärdi.

Nazarbaýewa hem-de onuň ogly sud seljerişliginden soň özlerini aklanan diýip hasaplaýandyklaryny aýtdylar.

Emma muňa garamazdan, geçen ýylyň maýynda olaryň emläklerini tussag etmegi talap eden Milli gulluk suduň höküminden şikaýat etjekdigini aýdýar.

Jenaýata garşy milli gulluk bu üç jaýyň merhum Rahat Aliýewiň, Dariga Nazarbaýewiň ozalky adamsynyň serişdelerine satyn alnandygyny öňe sürýär.

Rahat Alyýew Gazagystanda bir topar jenaýatda aýyplandy we Awstriýa gaçyp çykmaga mejbur boldy.

Wena onuň ekstradisiýa edilmegine garşy çykdy, emma ony tussag etdi. Aliýew soň, sud dowam edýän wagtynda, türme kamerasynda öli tapyldy.

XS
SM
MD
LG