Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ÝB-niň maliýe ministrleri ykdysadyýeti goldamak planyny ylalaşdy


ÝB-niň ykdysadyýet boýunça komissary Paola Jentiloni

Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň maliýe ministrleri 9-njy aprelde koronawirus pandemiýasy sebäpli dörän krizis şerlerinde milli ykdysadyýetleri goldamak üçin 500 milliard ýewro möçberinde çäreler paketini döretmek ylalaşygyna geldiler.

Ýewro zonasyndaky çuňňur ylalaşmazlyklary ýüze çykaran we birnäçe hepde dowam eden çekişmelerden soň, ministrler ýokanç keseliň ýaýramagynyň netijelerini ýeňip geçmäge çalyşýan işgärleri, telekeçileri we döwletleri goldamak baradaky çäreler boýunça ylalaşyga geldiler.

ÝB-niň ykdysadyýet boýunça komissary Paola Jentiloni twitterde bu kömek ylalaşygyny saglygy saklaýyş ulgamy, ätiýaçlyk gaznalary, kärhanalar üçin likwidasiýa we dikeldiş planlaşdyrýan gaznalar üçin “görlüp-eşidilmedik goldaw bukjasy” hökmünde häsiýetlendirdi.

Kömek bukjasynyň esasyny adatdan daşary ýagdaýyň netijelerini ýeňip geçmek üçin beriljek az prosentli kredit, 240 milliard ýewro möçberindäki serişde düzýär. Bu serişde Ýewro giňişligi ýurtlarynyň durnuklaşdyryjy maliýe gaznasyndan goýberiler.

Bu serişdeler hususan-da Italiýa we Ispaniýa ýaly bergi-borja batan ýutlara maliýe ýardamyny bermäge gönükdieiler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG