Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan pandemiýanyň arasynda Hytaýdan karz ýeňilliklerini soraýar


Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow
Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekow

Gyrgyzystan koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan ykdysady şokuň netijeleri bilen göreşýän pursady, Hytaýdan karz ýeňilliklerini sorady.

Prezident Sooronbaý Jeenbekowyň edarasynyň 14-nji aprelde beren maglumatyna görä, gyrgyz prezidenti özüniň hytaýly kärdeşi Şi Jinping bilen geçiren telefon söhbetdeşliginiň dowamynda, Gyrgyzystanyň Hytaýa bolan bergilerini “gowşatmagy we töleg möhletlerini uzaltmagy” göz öňünde tutmagy sorapdyr.

Bu haýyş koronawirusyň ýurduň ykdysadyýetine ýetiren oňaýsyz täsirleri sebäpli edildi.

Jeenbekow we Şi Gyrgyzystanyň koronawirusa garşy alyp barýan göreşine hemaýat bermek üçin Hytaýyň saglyk işgärlerini ýollamagy barada ylalaşypdyrlar. Emma, Jeenbekowyň edarasynyň beýanatynda karz ýeňillikleri baradaky haýyşa Şiniň nähili jogap berendigi barada hiç zat aýdylmaýar.

Hytaýyň Eksport-Import Banky (Eximbank) Gyrgyzystanyň 4 milliard dollarlyk daşarky bergisiniň bäşden iki bölegine eýedir. Ol ýurtdaky uly transport we energiýa proýektlerini hem maliýeleşdirdi.

Gyrgyzystanda geçen aýdan bäri, koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak tagallalarynyň çäginde, paýtagt Bişkekde we ýurduň başga-da birnäçe uly şäherinde giriş-çykyş çäklendirildi.

14-nji apreldäki maglumatlara laýyklykda, Gyrgyzystanda bu wirusa 430 adam ýolugyp, ondan bäş adam heläk bolupdyr.

XS
SM
MD
LG