Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

‘Ekstremizmde’ aýyplanýan täjik žurnalistiniň sud diňlenişigi başlandy


Daler Şarifow
Daler Şarifow

Täjigistanda ekstremizmde aýyplanýan žurnalistiň sud diňlenişigi başlandy. Media azatlygyna gözegçilik edýän halkara guramalary bildirilýän bu aýyplamalary “manysyz” diýip atlandyrdylar.

Içerki syýasat we dini meseleler barada makalalary ýazan Daler Şarifow 28-nji ýanwarda tussag edilipdi. Oňa etniki, jynsy we dini çydamsyzlygy öjükdirmekde aýyplama bildirilýär. Günäli tapylsa, oňa bäş ýyla çenli türme tussaglygy berlip bilner.

Onuň aklawçysy Abdurahmon Şarifowyň beren maglumatyna görä, sudýa diňlenişigiň “jemgyýetçilige açyk boljakdygyny”, emma koronawirus pandemiýasy döwri köp sanly adamlaryň jemlenmegi boýunça “Bütindünýä Saglyk Guramasynyň ýaýradan duýduryşy sebäpli”, oňa çäkli sanda adamlaryň goýberiljekdigini aýdypdyr.

Baş prokuratura bu işiň 2013-2019-njy ýyllar aralygynda sosial ulgamlarda “dini çydamsyzlygy öjükdirmäge niýetlenendigi” aýdylýan “ekstremistiki mazmunly 200-den gowrak çap bolan makalalara we teswirlere” esaslanýandygyny aýdýar.

Şarifowyň garyndaşlary, adam hukuklaryny goraýjy guramalar we media azatlyk toparlary bu aýyplamalaryň esassyzdygyny aýdyp, olary ret etdiler; şeýle-de Şarifowyň dessine azat edilmegini talap etdiler.

Serhetsiz Reportýorlar guramasy, Žurnalistleri Goramak boýunça Komitet bu aýyplamalary “manysyz” atlandyryp, Şarifowyň mart aýynda geçirilen parlament saýlawlaryň öňüsyrasynda tankytçy žurnalistleri sem etmek maksady bilen tussag edilendigini aýtdylar. Şol saýlawlarda, garaşylyşy ýaly, prezident Emomali Rahmonyň häkimiýet başyndaky partiýasy ýeňiş gazanypdy.

XS
SM
MD
LG