Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde COVID-19 ýaýraýan wagty, sowet döwrüniň öz-özüni ekstrasens yglan eden ‘ýyldyzy’ ekranlara gaýdyp geldi


Anatoliý Kaşpirowskiý
Anatoliý Kaşpirowskiý

Geçen hepde belli ýaşlardaky orsýetliler öz ekranlarynda bir tanyş ýüze duş geldiler. Sowet Soýuzynyň 30 ýyl mundan ozal dargap başlan döwürlerinde TW tomaşaçylaryny özüne haýran eden hem-de öz-özüni ekstrasens yglan eden Anatoliý Kaşpirowskiý koronawirusa garşy tesellileri bilen garrylyk müçesindäki YouTuber hökmünde ekranlara dolandy.

Käbir adamlar umytsyzlyk basmarlan döwürleriň tas ýatdan çykan ýyldyzyna öwrülen bu adamyň karýerasyny janlandyrmaga kömek edip, görnüşinden, ony alga alýarlar.

9-njy aprelde Kaşpirowskiýniň YouTube kanalynda goýlan “Bejergi seansy” atly wideony 250 müň töweregi adam görüpdir.

Ol boz diwaryň öňünde gymyldaman oturyp, tomaşaçylardan gözlerini elleri bilen ýapmagy haýyş edýär – adatça, pandemiýa möwjeýän wagty beýle etmek maslahat berilmeýär.

“Keselden açylan adamlardan öňümizdäki günlerde kommentariýalar geler durar” diýip, ol bir sagatlyk monolog aýaklaberende aýdýar.

80 ýaşy arka atan Kaşpirowskiý 1989-njy ýylda, ýurduň ýok bolmagyndan iki ýyl ozal, efire berlip başlanan telewizion çykyşlarynyň üsti bilen Sowet Soýuzynda meşhurlyk gazandy. Öýünde oturan, käbiri beýhuş, tomaşaçylara dikanlap seredip, ol ykdysady pese gaçyşlykdan ejir çekýän millete şypa berip bilýändigini, hassalary sagaldyp bilýändigini aýdýardy.

90-njy ýyllaryň başlarynda dabarasy dag aşan Kaşpirowskiý adamdan doly zallarda çykyş etmek üçin ýurduň çar künjegine syýahat edýärdi hem-de pikir soraşyklarda prezident Boris Ýelsinden soň Russiýada iň tanymal adamlaryň arasynda ikinji orunda gelýärdi.

SSSR-iň demi sanagly günlerinde we onuň dargamagyndan soňky irki ýyllarda üýtgeşmeleriň bulam-bujarlygyndan we düýpli ykdysady kynçylyklardan many gözleýän millionlarça adam Kaşpirowksiý ýaly adamlardan çäre gözleýärdi. Ýogsam bolmasa Kaşpirowskiý birnäçe ýyl ondan ozal Sowet döwleti tarapyndan ruhy hassahana ugradylmak töwekgelçiligine-de duçar bolandyr, ýöne oňa derek ol teleýaýlymlaryň iň köp tomaşaçy çekýän efir sagatlarynda görnükli orun eýeläpdi.

Ir säheriň emleri

Kaşpirowskiý ýeke däldi. Ýüz müňlerçe adam ir säherler teleýaýlymlarda onuň iň esasy garşydaşy Allan Çumagyň ellerini galgadyp berýän bejeriş seanslaryna tomaşa ederdi. Tomaşaçylar Çumagyň energiýasy bilen suwa “zarýad bermek” üçin suw çüýşelerini ýa-da küýzelerini telewizoryň öňünde goýardylar. Medium keseli bejermek üçin bu suwdan içmegiň ýa-da ony tene çalmagyň ýeterlikdigini öňe sürerdi.

Kaşpirowskiýniň iň meşhur çykyşy 1989-njy ýylyň martynda boldy. Ekranda peýda bolan ekstrasens Tbiliside geçirilen bir hirurgiýa operasiýasyna Ukrainadan wideoaragatnaşyk arkaly baglanyp, anesteziýa dözümsiz aýaly gipnoz etdi we ony garyn operasiýasyndan anesteziýasyz alyp çykdy.

“Indi maňa tomaşa edenleriň ählisi diş lukmanyna baryp, dişlerini sogurdyp bilerler” diýip, ol operasiýa gutarandan soň tomaşaçylara aýtdy. “Asla agyry duýmarsyňyz” diýdi.

Anatoliý Kaşpirowskiý 1992-nji ýylda Pragada çykyş edýär
Anatoliý Kaşpirowskiý 1992-nji ýylda Pragada çykyş edýär

Ýöne operasiýa edilen aýal, Lesýa Ýerşowa aradan birnäçe aý geçenden soň beren interwýusynda operasiýanyň başyndan soňuna çenli “elhenç agyry” duýandygyny we diňe Kaşpirowskiýniň göwnüni ýykmajak bolup çydandygyny aýtdy. Ol Kaşpirowskiýniň horlanmakda özüne berjek diýen kömek wadasy sebäpli, hem-de bejeriş ukyplaryna mysal hökmünde dünýä aýlamak barada beren wadasy üçin anesteziýasyz operasiýa razy bolandygyny “Literaturnaýa Gazeta” gürrüň berdi.

Ol sözünde durmady, diýip Ýerşowa aýtdy.

Kaşpirowskiýniň özünde bardygyny aýdan adatdan daşary güýçleri soňra 20-nji asyryň tebibi Rasputin bilen deňeşdirildi. Rasputiniň Çar Nikolaý II-niň maşgalasyna eden ýaramaz täsiri, onuň döwlet işlerine gatyşandygy, hem-de şeýlelik bilen 1917-nji ýylda Russiýanyň uruş tagallalarynyň synmagyna we soňy bilen monarhiýanyň ýykylmagyna getirendigi barada aýyplamalara ýol açdy. Rasputiniň patyşanyň gemofiliak oglunyň agyrylaryny diňe onuň bilen gürleşmek arkaly ýeňilleşdirendigi aýdylýar.

Öňki agyr atletikaçy we tälim alan psiholog Kaşpirowskiý 90-njy ýyllardan bäri üns merkezinden yza çekildi. 2009-njy ýylda Russiýa global maliýe krizisiniň täsirinden açylyşyp, ýaňy bir özüne gelip başlan döwürlerinde Kaşpirowskiý “paranormal derňewlere” bagyşlanýan TW programmasy bilen täzeden sahna gaýdyp gelmek isledi. Ýöne şeýle başlangyçlaryň az bolmadyk ýurdunda (meselem, “Ekstrasensleriň söweşi” atly programmanyň häzirki wagta 20-nji möwsümi dowam edýär) onuň ýyldyzy gaýtadan süýndi.

AÝ/AR-yň kommentariýa haýyşyna jogap bermedik Kaşpirowskiý özüniň sahna täzeden dolanyp geljekdigini yglan etmeginiň yzýany, 2010-njy ýylda YouTube kanalyny açdy. Şondan bäri dürli ýurtlarda ýerine ýetirilen sahna çykyşlaryndan, şol sanda ýerliler we sagalmak umydy bilen pul töleýän rus emigrant jemgyýetleriniň wekilleri bilen geçiren duşuşyklaryndan düşürilen wideolary ol ýerde paýlaşyp gelýär. Wideolar “Süýşen oňurgalygy dessine bejermek”, “Agyrydan halas bolmak” ýaly sözbaşylar bilen goýulýar.

Onuň geçen awgustda paýlaşan wideosynda Gazagystanyň Taraz şäherinde guralan sahnada oňurgasy ep-esli egrelen bir garry adam Kaşpirowskiý bilen duşuşmak üçin sahna çykýar we soň sahnanyň arkasyna ýitirim bolýar. Birnäçe minut soň ol tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda ellerini galgadyp täzeden sahna çykanda oňurgasy düzelen ýalydy.

Russiýada soňky günlerde koronawirusdan hasaba alnanlaryň sany birden ýokarlanýan wagty hem-de prezident Wladimir Putiniň ýagdaýlaryň “ýaramazlaşýandygyny” aýdýan wagty pandemiýa Kaşpirowskä täzeden ünsi çekene meňzeýär.

Resmi taýdan tassyklanan koronawirus hassalarynyň sany Russiýada häzirki wagtda 21,000-den aşdy, 170 adam öldi, ýöne hünärmenler hakyky sanlaryň aýdylyşyndan has köpdügini çaklaýar.

Soňky hepdelerde Kaşpirowskiýniň YouTube kanalynyň tomaşaçylarynyň sany ep-esli artdy. Onuň 25-nji martda paýlaşan “Koronawirus. Onuň plýuslary we minuslary” atly monology tas ýarym million gezek görlüpdir.

Onuň 9-njy aprelde geçiren “bejeriş seansynda” wideonyň gapdalynda tomaşaçylaryň kommentleri görkezilýär:

“Gulagymyň şaňlamagy düýbünden ýok boldy”, diýip bir aýal ýazýar. Beýleki biri hroniki boýun agyrysynyň üç minudyň içinde aýrylandygyny habar berýär. Ýene biri “1989-njy ýyldan bäri saňa ynanýardym” diýýär, ýöne ol çyny bilen aýdýarmy ýa-da degişýärmi, bu düşnüksiz.

53 minut soň Kaşpirowskiý ynanjaň tomaşaçylary bilen hoşlaşdy:

“Duşuşygymyz tebigy ýagdaýda siziň immunitetiňizde partlama döreder we sizi gorar. Men muny çyn ýürekden arzuw edýärin” diýip, ol aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG