Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirus pandemiýasynyň fonunda Özbegistan öz pagtasynyň boýkot edilmegini soňlandyrmaga çagyrýar


Özbek pagtaçylary.
Özbek pagtaçylary.

Özbegistan koronawirus pandemiýasynyň ýaramaz ykdysady täsirlerine hem-de ýurtda mejbury zähmeti ýok etmekdäki öňegidişliklere salgylanyp, adam hukuklary boýunça global koalisiýany, Pagta Kampaniýasyny özbek pagta we dokma önümlerine girizilen halkara boýkoty ýatyrmaga çagyrdy.

Özbegistanyň zähmet ministri Nozim Husanow 15-nji aprelde Pagta Kampaniýasyna ýazan Açyk hatynda täze koronawirusyň ýaýramagy hem-de munuň bilen bagly girizilen çäklendirmeler sebäpli bu Merkezi Aziýa ýurdunda il saglygynyň hem-de ýurt ykdysadyýetiniň “görlüp-eşidilmedik goşa howp” bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýtdy.

Hökümet boýkotyň soňlandyrylmagynyň Günbatar bazarlaryny açmak hem-de iş orunlaryny döretmek arkaly dokma önümleriniň eksportyny iki esse artdyryp biljekdigini çaklaýar. Hukuk toparlary Özbegistany millionlarça raýaty pagta ýygmaga we plan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mejbur edýän hem-de uzak ýyllardan bäri döwlet tarapyndan dolandyrylýan ulgamy ýok etmäge mejbur goýmak üçin 2006-njy ýylda boýkot kampaniýasyna başlady.

Prezident Şawkat Mirziýoýew 2016-njy ýylda häkimiýet başyna geleli bäri mejbury zähmeti we çaga zähmetini ýok etmek üçin tapgyrlaýyn kanunlar girizdi, welaýat häkimliginiň okuwçylary we döwlet işgärlerini pagta ýygmaga mejbur etmegini gadagan etdi we pagta öndürmek üçin döwlet plan borçnamasyny ýatyrmak barada karara gol çekdi.

Ýöne raýat jemgyýeti toparlary Mirziýoýewiň käbir oňyn ädimleri ädendigine garamazdan, ýurduň pagta pudagynda giň ýaýran mejbury zähmetiň saklanyp galýandygyny we käbir oba hojalyk reformalarynyň köne sistema juda meňzeýändigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG