Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýa terror hüjümini planlaşdyrmakda güman edilýän birnäçe Täjigistan raýatyny tussag etdi


Polisiýa ulagy Germaniýanyň Karlsruhe şäheriniň polisiýa bölümine gelýär. 15-nji aprel, 2020-nji ýyl.
Polisiýa ulagy Germaniýanyň Karlsruhe şäheriniň polisiýa bölümine gelýär. 15-nji aprel, 2020-nji ýyl.

Germaniýa “Yslam döwleti” (YD) terror toparyna agzlykda güman edilýän hem-de Amerikan harby desgalaryna we näbelli bir adama hüjüm meýilleşirýändikleri aýdylýan bäş adamy ele saldy.

Prokurorlar ählisi Täjigistandan bolan dört güman edilýäniň 15-nji aprelde irden günbatar North Rhine-Westphalia ştatynda tussag edilendigini aýtdy.

Terror öýjüginiň baştutanydygyna ynanylýan 5-nji gümän edilýän täjik raýaty geçen ýylyň martynda tutulaly bäri deslapky tussaglykda saklanýardy.

Bu adamlaryň ählisi 24 – 32 ýaş aralygynda bolup, olar Germaniýa bosgun hökmünde geldiler.

Olar “Yslam döwletine” 2019-njy ýylyň ýanwarynda goşulypdyrlar we terror topary olara Germaniýada öýjük döretmegi tabşyryk beripdir diýip, prokurorlar aýdýar.

Gümän edilýänleriň ilkibaşda öz ýurtlary Täjigistanda hüjüm amala aşyrmagy meýilleşdirendikleri habar berilýär, ýöne soňra olar nyşanalaryny Germaniýa, şol sanda ABŞ-nyň ýurtdaky Harby howa bazalaryna we yslam tankytçysy hasaplan bir adamlaryna gönükdiripdirler.

Topar eýýäm ok-ýarag alypdyr we olaryň biri bomba ýasamak üçin gönükdirme alypdyr diýip, prokurorlar aýtdy.

XS
SM
MD
LG