Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amnesty International Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa hökümetlerini adam hukuklaryna hüjüm etmekde berk tankytlady


Milli gwardiýanyň harbylary Moskwada demonstrasiýalara gatnaşan bir adamy tussag edýär. 10-njy awgust, 2019-njy ýyl. Moskwa

Amnesty International ýyllyk regional synynda Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýanyň köp hökümetiniň protestleri, söz azatlygyny, raýat jemgyýetini basyp ýatyrmak üçin ýowuz tärlere baş goşup, adam hukuklaryna garşy “giň hüjüm” amala aşyrandygyny aýtdy.

Ýöne hukuk goraýjylar, žurnalistler, hökümete dahylsyz guramalar we protestçiler 2019-njy ýylda güýçlenýän basyşlara duçar bolýan mahaly, parahatçylykly demonstrasiýaçylaryň öz hökümetlerini jogapkärçilige çekmek ugrundaky göreşde köpçülikleýin görýän çäreleri ösýär diýip, düýbi Londonda ýerleşýän hukuk topary 16-njy aprelde aýtdy.

Ýagdaý geçen ýyl onsuz hem gözgyny bolan Belarusdan Gazagystana, Azerbaýjandan Orsýete çenli tutuş regionda hökümetleriň täze koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak maksady bilen durmuşa geçirýän adatdan daşary ýagdaý çäreleri we köp sanly çäklendirmeleri, bu saglyk çäreleriniň adam hukuklaryny mundan-da beýläk gysmaga gönükdirilip bilinjekdigi barada alada döredýär.

Amnesty International guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça direktory Daniel Balson tutuş sebitdäki adatdan daşary ýagdaýlary hukuk kemsitmeler üçin “dökün” häsiýetlendirýär we adamlara basyş etmek üçin täze ýollary oýlap tapmakda sebitde hökümetleriň pandemiýadan peýdalanmandyklaryna garamazdan, bu ugurda olaryň ozalky ussatlaşan tärlerini ulanmagy ýygjamlaşdyrandyklaryny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG