Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda milli baýramçylyk mynasybetli geçirýän köpçülik çärelerini ýatyrdy


Duşenbe. 9-njy aprel, 2020-nji ýyl.
Duşenbe. 9-njy aprel, 2020-nji ýyl.

Täjik häkimiýetleri ýurtda koronawirus keseli resmi derejede hasaba alynmadyk hem bolsa, pandemiýa bilen baglylykda milli baýramçylyk mynasybetli geçirýän köpçülik çärelerini ýatyrdy.

Duşenbe şäher häkimligi 16-njy aprelde ýurtda “Paýtagt güni” mynasybetli guralýan köpçülikleýin çäreleriň “COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak hem-de ýaşaýjylaryň saglygyny goramak” maksady bilen ýatyrylýandygyny mälim etdi.

Merkezi Aziýanyň iki ýurdy, Täjigistan we Türkmenistan koronawirus keselini resmi taýdan hasaba almady.

Ýöne eskpertler bu hökümetlerde aç-açanlygyň we garaşsyz metbugatyň ýokdugyny göz öňünde tutup, muňa şübheli garaýarlar.

Goňşy Özbegistanda 16-njy aprelde saglyk resmileri koronawirus bilen kesellänleriň sanynyň 1,349 adama ýetendigini, olaryň dördüsiniň aradan çykandygyny mälim etdi.

Gazagystanda COVID-19 hassalarynyň sany 1,341 adama ýetdi, olardan 16 adam aradan çykdy. Gyrgyzystanda bu kesel bilen 466 adam resmi taýdan hasaba alyndy, 5 adam heläk boldy.

XS
SM
MD
LG