Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik prokurory garaşsyz žurnaliste iki ýyl türme tussaglygyny soraýar


Daler Şarifow
Daler Şarifow

2013-nji ýyldan geçen ýyl, "ýyllap dowam eden ýanamalardan" soň ýapylýança, Şarifor garaşsyz "Ozodagon" habar saýtynda köplenç adam hukuklarynyň we din azatlygynyň bozulmalary barada öz pikirini ýazdy diýip, žurnalistleri goraýan gurama belledi.

Täjik prokurory ýerli garaşsyz žurnalist Daler Şarifowyň iki ýyl dört aý möhlet bilen azatlykdan mahrum edilmegini sorady.

Prokuror bu çagyryşy 16-njy aprelde, Şarifowyň ekstremizm aýyplamalary esasynda sud edilýän wagtynda etdi, halkara metbugat azatlygy guramalary bu çagyryşyň "akyla sygmaýandygyny" aýdýar.

Şarifowyň aklawçysy Abdurahmon Şarifow Duşenbedäki sud diňlenişiginde öz müşderisiniň aklanmagyna çagyrdy. Ol oňa bildirilýän ekstremizm aýyplamasynyň hiç bir esasynyň ýokdugyny aýtdy.

Içerki syýasatlar we din meseleleri barada ýazýan Şarifow 28-nji ýanwarda, etniki, jynsy we dini ýigrenje meçew bermekde aýyplanyp saklandy.

Şarifowyň aklawçysy 15-nji aprelde sudýanyň sud diňlenişigi "jemgyýetçilik üçin açyk bolar", emma Bütindünýä saglyk guramasynyň koronawirus pandemisýasy döwründe uly üýşmeleňler babatdaky duýduryşy sebäpli, sud otagyna goýberiljek adamlaryň sany çäklendiriler diýendigini aýtdy.

Şarifowyň sud seljerişligi başdaky plan boýunça 13-nji aprelde başlanmalydy, emma diňlenişik döwlet prokurorynyň bolmazlygy sebäpli iki gün yza süýşürildi.

Baş prokuraturanyň edarasy bu işiň sosial mediada 2013-2019-njy ýyllar aralygynda "dini çydamsyzlyga meçew berýän", "ekstremizm mazmunly 200-den gowrak makala we teswire esaslanýandygyny" aýtdy.

Şarifowyň garyndaşlary, adam hukuklaryny goraýan guramalar, metbugat azatlygyny goraýan toparlar bu aýyplamalary esassyz aýyplama hökmünde ret etdi we žurnalistiň derrew azatlyga goýberilmegine çagyrdy.

Žurnalistleri goraýan Serhetsiz reportýorlar guramasy (RSF) meçew bermek aýyplamasyny "manysyz" diýip atlandyrdy we Şarifowyň tussag edilmeginiň martda geçen hem-de prezident Emomali Rahmonyň dolandyryjy partiýasynyň ýeňmegine garaşylan we ýeňen parlament saýlawlaryndan öň tankyt edýän žurnalistleri susdurmak makdsadyndan ugur alandygyny aýtdy.

2013-nji ýyldan geçen ýyl, "ýyllap dowam eden ýanamalardan" soň ýapylýança, Şarifow garaşsyz "Ozodagon" habar saýtynda köplenç adam hukuklarynyň we din azatlygynyň bozulmalary barada öz pikirini ýazdy diýip, žurnalistleri goraýan gurama belledi.

Şeýle-de žurnalist sekiz ýyl öň, urlup-ýenjilmeler sebäpli ençeme gün hassahanada ýatdy, emma oňa edilen hüjüm üçin şindem hiç kime temmi berilmedi.

XS
SM
MD
LG