Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanda 1,5 müňe golaý adama wirus ýokaşdy, ýüzlerçe lukman COVID-19 hassasy boldy


Gazagystan. Lukman raýatyň gyzgynyny ölçeýär.

Gazagystanda COVID-19 hadysalarynyň sany bir ýarym müňe golaýlady. Ýurtda 400-den gowrak saglyk işgärine koronawirus ýokaşdy.

Adatdan daşary ýagdaý düzgünleriniň saklanmagyny üpjün etmek baradaky komissiýanyň baş edarasy täze 18 adama wirus ýokuşmasynyň tassyklanandygyny, olaryň sekizisiniň Almaty oblastynda, ikisiniň Günbatar-Gazagystan oblastynda hasaba alnandygyny aýtdy.

Häzir ýurtda tassyklanan 1 498 koronawirus näsagy bar, olardan 341 näsag Nur-Soltanda bolsa, 461 näsag Almatyda bejergi alýar.

Almaty oblastynda 37 näsag, Günbatar-Gazagystan oblastynda 32 näsag hasaba alyndy.

Saglyk işgärleriniň arasynda 423 adama wirus ýokaşandygy tassyk boldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG