Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanyň prezident köşgünde 20-den gowrak işgäre koronawirus ýokaşdy


Aşraf Ganiniň diňe az sanly işgäri bilen ýüzbe-ýüz görüşýändigi aýdylýar.

Owgan hökümetindäki çeşmeler prezident Aşraf Ganiniň köşgünde işleýän resmileriň azyndan 20 sanysynyň koronawirus barlagynda oňyn netije görkezendigini, bu ýagdaýyň 70 ýaşyndaky lideri öz işgärleri bilen aragatnaşygyny köp derejede çäklendirip, sanly aragatnaşyga geçmäge iterendigini aýdýarlar.

Ýokary derejeli owgan saglyk resmisiniň 18-nji aprelde “Roýters” habar gullugyna aýtmagyna görä, Kabuldaky prezident köşgüne gowşurylan resmi dokumentde kesel ýokaşan işgärleriň atlary bar, olaryň köpüsi ýaraman başlady we aprel aýynyň başynda synagdan geçirildi.

Bu dokument köşge beýleki bir hökümet departamentinden eltilip berildi diýip, anonimlik şertinde gürleşen resmi aýtdy.

“Ol işgärleriň käbiri analizleriň netijeleri belli bolanda hem öz iş otaglarynda işläp otyrdylar” diýip, resmi aýtdy we olaryň maşgalalary bilen karantin astyna alynmalydygyny sözüne goşdy.

Ganiniň metbugat wekili Sedik Sedikki (Sediq Sediqqi) Siwil hyzmatlary komissiýasy bireýýäm, hökümet resmilerinde saglyk barlaglary geçirilmezden öň, olaryň öýde galmalydyklaryny aýtdy diýdi.

Sedikki 18-nji aprelde bu buýrugyň güýjüniň ýene bir üç hepde möhlete uzaldylandygyny aýtdy.

Ganiniň aglaba işini wideo aragatnaşyk arkaly alyp barýandygy we diňe az sanly işgäri bilen ýüzbe-ýüz görüşýändigi aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG