Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde bir gije-gündizde 5 müňe golaý COVID-19 näsagy hasaba alyndy


Merkezi Moskwa, boş köçeden tigirli barýan adam.

Orsýetde soňky 24 sagatda koronawirus ýokaşan adamlaryň 4785 sanysy ýüze çykaryldy.

Bu täze rekord. Orsýetde tapgyr ýedi gün bäri wirus ýokaşýanlaryň sany ýokarlanýar diýip, Azatlyk radiosynyň Rus gullugy habar berýär.

Orsýetde wirus ýokaşanlaryň umumy sany 36 müň adamdan geçdi. Bu görkeziji bilen ol dünýäde onunjy orna çykdy.

Orsýet häzir bu keseliň ýokaşma tizliginiň ösüşi boýunça dünýäde iň ýokary ýurtlaryň biri bolup durýar.

Bir gün öň Orsýetde 4050 sany koronawirus näsagy tassyklandy.

Täze tassyklanan näsaglaryň 2649 sanysy Moskwada hasaba alyndy.

Orsýetde koronawirusdan 24 sagatda 40 adam öldi, olaryň 21-si Moskwada ýogaldy. Kesel ýaýrap başlaly bäri jemi 313 adam ýogaldy.

Soňky 24 sagatda 467 adamyň keselden saplanandygy aýdylýar, wirusdan gutulanlaryň umumy sany 3 müňden gowrak.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG