Özbegistanda ýörite respublikan komissiýanyň karary bilen, 2020-nji ýylyň 20-nji apreline çenli girizilen çäklendiriji çäreleriň (karantiniň), şeýle hem koronawirus ýokaşmasynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin güýçlendirilen proseduranyň möhleti 2020-nji ýylyň 10-njy maýyna çenli uzaldyldy.
Bu kararyň “karantin çäreleriniň netijeliligini saklamak üçin” kabul edilendigi habar berildi.
Özbegistanda 18-nji aprelde koronawirus ýokaşandygy hasaba alnanlaryň sany 1490 adama ýetdi.
Häzire çenli COVID-19-dan 194 adamyň gutulandygy, bäş adamyň bolsa ölendigi belli.
Saglyk ministrligi Kaşkaderýa oblastynyň Çirakçin etrabynda agyr ýagdaýdaky 83 ýaşly näsagyň we Nukusdan 6 ýaşly gyzyň bu dertden gutulandygyny habar berdi.
Dünýäde 2,2 milliondan gowrak COVID-19 näsagy hasaba alyndy, olaryň 154 müňden gowragy ýogaldy.
ABŞ-da wirus ýokaşanlaryň sany 700 müňden geçýär, Ispaniýada - 190 müň, Italiýada -172 müň, Fransiýada- 149 müň, Germaniýada 141 müň adama koronawirus ýokaşdy.