Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanda 30 müňe golaý adam öý şertlerindäki karantinde galýar


Brezeg suraty

Gyrgyzystanda 29 müň 827 adam öý karantini şertlerinde galýar.

Respublikanyň operatiw merkeziniň maglumatyna görä, 47 müň 179 adam karantin şertlerinden çykaryldy. Bütin ýurt boýunça gözegçilik üçin 256 sany mobil brigada döredildi.

914 adam gözegçilik astynda saklanylýar.

Merkeziň maglumatyna görä, şu güne çenli koronawirusy ýüze çykarmak üçin 43 müň 784 barlag geçirildi.


24-nji apreldäki maglumatlara görä, Gyrgyzystanda 656 sany koronawirus näsagy ýüze çykaryldy.

Umuman alanyňda, wirusdan saplanmak bilen, 322 adam keselhanalardan boşadyldy, 8 adam öldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG