Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ-nyň Harby-deňiz güýçlerinde 3500-den gowrak adama koronawirus ýokaşdy


“Teodor Ruzwelt" uçar göterijisi

ABŞ-nyň Goranmak departamenti Karib deňzindäki harby-deňiz güýçleriniň ýok edijisinde koronawirus ýokuşmalarynyň ýüze çykarylandygyny we näsaglan deňizçileriň biriniň ewakuasiýa edilip, lukmançylyk gözegçiligine alnandygyny tassyk etdi.

Pentagonda guralan metbugat ýygnagynda Kidd klasly ýok edijide ýokanç keseliň ýaýrandygy baradaky maglumat resmi taýdan tassyk edildi.

“Amerikanyň sesi” ýokanç keseliň bu ýerdäki ojagy hakynda ilkinji bolup “Roýters” habar gullugynyň habar berendigini belleýär.

Neşir Pentagondaky çeşmelere salgylanyp, ondan gowrak deňizçä wirus ýokaşandygy baradaky maglumaty çap etdi.

Ýok edijiniň ekipažy Karib deňzinde neşe gaçakçylygyna garşy göreş wezipesini ýerine ýetirýärdi.

CNN telekanaly 23-nji aprelde ABŞ-nyň Harby deňiz güýçleriniň 26 gämisinde ýokaşma ýagdaýlarynyň ýüze çykarylandygyny habar berdi. Bu gämileriň hemmesi portlarda ýa-da abatlaýyş meýdançalarynda ýerleşýär.

ABŞ-nyň Goranmak departamenti wirus ýokaşanlaryň takyk sanyny ýa-da keselçilik hadysalarynyň habar berlen gämileriniň atlaryny görkezmeýär.

CNN-iň maglumatyna görä, ABŞ-nyň 3578 harby gullukçysynda koronawirus ýokaşmasy ýüze çykaryldy. Olaryň ikisi öldi.

Bir deňizçiniň ýogalan uçar göterijisinde, “Teodor Ruzweltde” 800-e golaý ýokaşma hadysasy ýüze çykdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG