Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günbatar Hytaýdan koronawirusyň döreýşini derňemegi talap edýär. Pekin goranýar


"Hytaý wirusyň gelip çykyşy barada näçe açyk bolsa, bütin dünýä üçin şonça-da gowy bolar" diýip, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel aýdýar.

Hytaý COVID-19-yň peýda bolmagyna dahyllymy we ýurt içinde epidemiýanyň gerimini ýaşyrdymy? Bu iki mesele indi birnäçe aý bäri dünýä metbugatynyň we syýasatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Pandemiýanyň möwjemegi bilen ABŞ, Angliýa we Awstraliýa garaşsyz derňew geçirilmegine çagyrýar; Germaniýanyň “Bild” neşiri Pekiniň 149 milliard ýewro tölemegini soraýar (neşiriň hasaplamalaryna görä, Germaniýa koronawirusdan şeýle mukdarda zyýan çekdi) diýip, AÝ/AR-nyň "Häzirki zaman" telekanaly habar berýär.

"Hytaý wirusyň gelip çykyşy barada näçe açyk bolsa, bütin dünýä üçin şonça-da gowy bolar" diýip, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel aýdýar.

COVID-19-yň emeli gelip çykyşy barada iň gaty gürrüňler ABŞ-da edilýär. Prezident Donald Trump wirusy “hytaýyňky” diýip atlandyrýar, respublikanlaryň käbiri bolsa onuň Wuhan şäherindäki Wirusologiýa institutyndan syzyp çykandygyny aýdyp, Pekini aç-açan aýyplaýar.

Hytaý tarapynyň barlaghanalaryň ygtybarlydygy, işgärleriň hiç biriniň syrkawlamadygy baradaky inkär ediş delilleri olaryň ynamyny sarsdyryp bilmeýär.

"Myş-myşlar nireden uç alýar? Wirusologiýa instituty we laboratoriýa Wuhanda ýerleşýär we käbirleri gorkunç çaklamalary öňe sürmekden saklanyp bilmeýär. Ýöne hemmeleri bilgeşleýin azaşdyrýan adamlar bar" diýip, Wuhan Wirusologiýa institutynyň ylmy barlagçysy Ýunan Žiming aýdýar.

"Hatda Hytaý wirusy döretmedik hem bolsa, problemanyň ýaşyrylmagyna we onuň ýaýramagyna anyk goşant goşdy" diýen aýyplama bolsa, dünýä habar serişdelerinde epidemiýa ýaýrap başlaly bäri aýdylýar.

  • "Hytaý häkimiýetleri koronawirus babatynda has öň bildiler" (Sky News, Awstraliýa).
  • "Eger-de saglyk işgärleri howsalalary habarlary berende hereket edip başlan bolsadylar, ýokanç keselden abanýan çynlakaý howp has öň aýan bolardy" (CNN, ABŞ).
  • "Hytaý wirusyň ýaýramagy baradaky maglumatlary ýaşyrýar" (A24, Argentina).
  • "Dymyşlygyň gerimi hakynda barha kän gürrüň edilýär" (Fox News, ABŞ).

Hytaýda ýaman niýet inkär edilýär, maglumatlaryň gijikdirilmegi hassahanalaryň näsaglardan dolmagy we dowul turuzmazlyk, howsala ýaýratmazlyk islegi bilen düşündirilýär.

"Biz bu wirusa ýaňy düşünip başladyk. Doly seljermedik maglumatlarymyzy aýan etmek ýerliksiz bolardy. Gözleg dowam edýän wagtynda, tamalanmadyk barlaglaryň netijeleri hakynda nähili gürrüň edip bolar?" diýip, Hubeý welaýat hassahanasynyň dem alyş keselleri bölüminiň müdiri Çžan Stzisýan düşündirýär.

"Epidemiýanyň başlangyç döwründe hassahanalaryň käbiri öňüni alyş we gözegçilik ulgamyna öz wagtynda maglumat berip bilmedi. Keselhanalar adamdan hyryn-dykyndy, işgärler hassalary bejermek bilen meşguldy. Hasabatlar gijikdirilip berildi, ýitirildi, ýalňyşlyklara ýol berildi, ýöne maglumatlar barada hiç bir jähtden bile-göre dymylmady" diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekili Çžao Litszýan aýtdy.

Hytaý metbugaty we emeldarlary Hytaýa garşy bildirilýän her bir aýyplama gaty gaharlanýar. Olara Rus metbugaty hem olaryň "ýerlikli gahar-kinelerinde" goldaw berýär.

  • "Häzir ýewropalylaryň we amerikalylaryň epidemiýa taýyn bolmandyklary sebäpli günäkär birini tapmak isleýändigi düşnükli boldy" (NTV, Orsýet).
  • "Hiç bir subutnama ýok. Ýöne gykylyk-galmagal köp" (Russiýa 1, Orsýet).
XS
SM
MD
LG