Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19 bilen bagly çäklendirmeler gowşaýar, dünýäde kesellänleriň sany 3 milliona golaýlady


Ispaniýa, 26-njy aprel, 2020
Ispaniýa, 26-njy aprel, 2020

Dünýäde koronawirus infeksiýasy ýokaşan adamlaryň sany 27-nji aprelde 3 milliona golaýlady, ýogalanlaryň sany 206 müň adama ýetdi. Dünýäniň ençeme ýurdy kesele garşy girizen çäklendirmelerini gowşadyp başlady.

Kebir ýurtlaryň berýän resmi sanlarynyň kesellänleriň hakyky sanyndan kem bolmagy çak edilýär. Häzirki wagtda koronawirus bilen täze kesellän diňe üç adamyň hasaba alnandygyny we 12 gün bäri ölenleriň ýokdygyny aýdýan Hytaýyň berýän maglumatlaryna şübheli garalýar.

Günbatar ýurtlarynda heläkçilikli ýagdaýlaryň sanynyň azalmak alamatlary bilen bir wagtda petige direlen ykdysadyýetleri janlandyrmak maksady bilen çäklendirmeler gowşap başlady.

Dünýäde koronawirusdan iň köp zeper alan ABŞ hem şu hepde-de çäklendirmeleri gowşatmaga taýýarlanýar.

Emma ykdysdyýetleri açmak baradaky basyşlar saglyk bilemenleriniň keseliň diagnostikasynyň ujypsyzdygyny aýdýan wagtyna gabat gelýär.

Ýewropada ispan çaglarynyň ençemesi soňky alty hepdäniň dowamynda ilkinji gezek 26-njy aprelde köçä çykyp, açyk howadan dem alyp bildi. Ispaniýanyň hökümeti Ýewropanyň birnäçe ýurduna goşulyp, çäklendirmeleri gowşatmak barada planyň üstünde işlemek kararyna geldi.

XS
SM
MD
LG