Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde COVID-19 bilen kesellänleriň sany 90 müňe golaýlady


Sankt Peterburgyň keselhanasy, 25-nji apreli, 2020

Orsýetde COVID-19 bilen kesellänleriň sanynyň 80 949 adama çenli artandygyny ýurduň koronawirusyň ýaýramagyna garşy operatiw ştaby habar berdi. Bir gije-gündizde ýene 6361 adam keselläpdir.

Koronawirusyň bardygy anyklanan adamlaryň tas ýarsynda, ýagny 45,9% inweksiýanyň alamatlary bolmandyr.

Kesellänleriň uly bölegi Moskwada hasaba alyndy. Bir gije--gündizde Moskwada 2971 adamda koronawirus anyklanypdyr, inweksiýaly jemi 42 480 adam hasaba alynypdyr.

Jon Hopkins uniwersitetiniň maglumatyna görä, Orsýet COVID-19 bilen keellänleriň sany boýunça dünýäde 10-njy ýerde barýar we hasaba alnan ýagdaýlary boýunça gysga wagtda Hytaýy öňürdip bilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG