Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Eýrana garşy girizilen ýarag gadaganlygyny uzaltmak isleýär


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

Döwlet sekretary Maýk Pompeo oktýabrda BMG-niň embargosynyň möhleti tamamlanandan soň Eýranyň adaty ýarag satyn almagyna ýa-da satmagyna ABŞ-nyň rugsat bermejekdigini aýtdy. Bu göçüm Tähranyň 2015-njy ýylda baglaşylan ýadro şertnamasyndan, ýadro ýaraglarynyň ýaýradylmagynyň öňüni almak boýunça möhüm ylalaşykdan çekilmegine getirip biler.

“Biz muňa ýol bermeris” diýip, Pompeo 29-njy aprelde geçiren metbugat ýygnagynda ýarag embargosynyň möhletiniň dolmagy baradaky soraga beren jogabynda aýtdy.

“Biz şol ýaraglaryň satylmagyna degişli gadaganlygy uzaltmak üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi bilen işleşeris we eger-de hiç kim herekete geçmese, Birleşen Ştatlary munuň hötdesinden gelmek üçin ähli mümkinçilikleri öwrenýär” diýip, ol aýtdy.

Eýrana adaty ýaraglaryň satylmagyna degişli gadaganlygyň möhleti 2015-nj ýylda Tähran bilen dünýä güýçleriniň arasynda gol çekilen ýadro şertnamasyna berkidilen BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231 belgili çözgüdine laýyklykda 23-nji oktýabrda gutarýar.

Birleşen Ştatlary Ýakyn Gündogarda dartgynlylygy ýokarlandyryp, hem-de Eýranyň ykdysadyýetini agyr güne salyp, 2018-nji ýylda bu ýadro şertnamasyndan çekildi we Eýrana garşy girizilen sanksiýalary täzeden dikeltdi.

Şertnama gol goýan beýleki ýurtlardan Hytaýyň we Orsýetiň Eýrana ýarag satmak isleýändiklerine ynanylýar we embargonyň uzaldylmagyna garşy çykmak üçin Howpsuzlyk Geňeşinde olaryň bu teklibi weto etmegi mümkin.

XS
SM
MD
LG