Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ Eýrana garşy ýarag gadaganlygyny uzaltmaga çalyşýar, Ýadro ylalaşygy üstünde çaknyşyga taýýarlanýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo

"Biz muňa ýol bermeris" diýip, Pompeo 29-njy aprelde ýaraglar embargosynyň möhletiniň gutarmagy barada berlen sorag jogap berende, metbugat ýygnagyna gatnaşan žurnalistlere aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Birleşen Ştatlaryň BMG-niň ýaraglar babatdaky embargosy oktýabrda tamam bolandan soň, Eýrana adaty ýaraglary satmaga we satyn almaga ýol bermejekdigini aýdýar.

Bu çäre Tährany 2015-nji ýylda dünýä döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan we wajyp ýarag ýaýratmazlyk şertnamasyndan çykmaga iteklär öýdülýär.

"Biz muňa ýol bermeris" diýip, Pompeo 29-njy aprelde ýaraglar embargosynyň möhletiniň gutarmagy barada berlen sorag jogap berende, metbugat ýygnagyna gatnaşan žurnalistlere aýtdy.

"Biz BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi bilen ol ýaraglaryň söwdasyna girizilen gadaganlygyň möhletini uzaltmak üstünde işläris we bu ýagdaý boýunça hiç kimiň hereket etmegini gazanyp bilmedik ýagdaýynda, Birleşen Ştatlar muny nädip edip biljekdigi baradaky ähli mümkinçiliklere seredýär" diýip, Pompeo sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýranyň adaty ýaraglary satmagyna girizlen gadaganlygyň möhleti 23-nji oktýabrda gutarýar, ol BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Tähran bilen dünýä güýçleriniň arasynda 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro şertnamasyny tassyklan 2231-nji karary bilen berkidilipdi.

Birleşen Ştatlar Tähran bilen dünýä döwletleriniň arasynda baglaşylan ýadro ylalaşygyndan 2018-nji ýylda çykdy we Eýrana garşy girizilen sanksiýalary dikeldip, Ýakyn Gündogardaky dartgynlyklaryň ýokarlanmagynyň arasynda bu ýurduň ykdysadyýetini kyn ýagdaýa saldy.

Ýadro ylalaşygyna gol çeken Hytaý, Orsýet ýaly ýurtlar Eýrana ýarag satmaga ilgezik diýip bilinýär we olaryň Howpsuzlyk geňeşinde ýarag embargosyny uzaltmak boýunça teklip ediljek karara garşy çykyp, oňa weto goýmaklary ähtimal.

Pompeo Hytaýyň we Orsýetiň weto hukugyndan ýüz öwürmekleri üçin Birleşen Ştatlaryň henizem ýadro şertnamasyna gatnaşygyny tassyklamaga taýýardygyny, sebäbi BMG-nyň kararynda ylalaşyga gatnaşyjylaryň biri hökmünde sanawda durýandygyny aýtdy.

Bu talap prezident Donald Trampyň 2018-nji ýylyň maý aýynda Birleşen Ştatlaryň bu ylalaşyga gatnaşygyny bes edýändigini aç-açan aýtmagyna garamazdan edilýär.

Ýadro ylalaşygyna gatnaşan taraplar, Eýrany düzgüni bozan ýurt atlandyryp, sanksiýalary gaýtadan girizmek ýa-da ýarag gadaganlygyny uzaltmak üçin "gaýdyş" mehanizmi diýilýäni hem ulanyp bilerler.

"BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2231 belgili karary örän aýdyň: Biz özümizi gatnaşyjy diýip yglan etmeli däl" diýip, Pompeo žurnalistlere aýtdy. "Bu ikuçsyz we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň kararyna gatnaşýanlara berlen hukuklar oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin doly elýeterli" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýewropaly diplomatlar Birleşen Ştatlaryň ylalaşykdan çykandygyny aýdyp, Waşingtonyň sanksiýalaryň yza çekilmegine itergi berip biljegini sorag astyna alýarlar.

Pompeo Birleşen Ştatlaryň ýadro ylalaşygyny saklap galmaga çalşan Ýewropa üçlügini, ylalaşykda saklanyp galan Britaniýany, Fransiýany we Germaniýany hem bu ugurda tagalla etmäge çagyrandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Eýranyň Ýakyn Gündogardaky işjeňlikleri we raketa programmasy babatdaky aladalaryna şärik hem bolsa, eýýäm özüniň aýratyn ýarag çäklendirmeleri bolan Ýewropa ýadro meselesini has möhüm hasaplaýar.

Şeýle-de, Eýranyň sebitdäki ýaranlary we kömekçileri bilen özüni üpjün edip bilýän wagtynda BMG-niň ýaraglar embargosynyň näderejede netijeli boljagy sorag bolup durýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG