Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Tokaýew öňki prezidentiň gyzyny Senatyň başlygy wezipesinden çetleşdirdi


 Dariga Nazarbaýewa
Dariga Nazarbaýewa

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokýaew ýurduň ozalky prezidentiniň gyzy Dariga Nazarbaýewanyň parlamentiň ýokarky palatasyna, senata başlyklyk etmek boýunça ygtyýarlyklaryny ýatyrdy.

Bu kararyň näme bilen baglydygy anyklaşdyrylmaýar.

Tokaýew twitterde oňa “işjeň we öndürijilikli işi” üçin minnetdarlyk bildirdi.

Senatyň resmi saýtynda Nazarbaýewanyň ygtyýarlyklarynyň ýatyrylýandygy barada maglumat berilmedi.

Bu saýtda soňky çap edilen maglumat 1-nji maýa degişli, onda Nazarbaýewa watandaşlaryny Gazagystanyň halkynyň agzybirlik güni bilen gutlaýar.

Konstitusiýa laýyklykda, senatyň spikeri döwlet baştutany öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda prezidentiň wezipesini ýerine ýetirmeli ilkinji emeldar bolup durýar.

Dariga Nazarbaýewa deputatlyk mandatyny Tokaýewiň karary esasynda aldy.

Gazagystanyň prezidenti geçen ýylyň 12-nji awgustynda özünden öňki prezidentiň gyzyny parlamentiň ýokarky palatasyna agza edip belledi.

Tokaýew şeýlelik bilen, 2016-njy ýylda kakasy döwlet baştutany bolanda senator wezipesine bellenen Dariga Nazarbaýewanyň parlament ygtyýarlyklaryny "täzeden açdy".

"Täzeden başlamak" Nazarbaýewanyň mandatynyň möhletiniň gutarmazyndan üç ýyl ozal, möhletinden has öň uzaldylmagyna getirdi. Konstitusiýa laýyklykda Senatyň deputatlarynyň ygtyýarlyk möhleti alty ýyl.

XS
SM
MD
LG