Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Metbugat Kim Çen Ynyň soňky 20 günde ilkinji gezek köpçülige çykyşyny görkezdi


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn lenta kesýär.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn soňky 20 günde birinji gezek jemgyýetçilige göründi. Onuň köpçülige görünmezligi dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biriniň baştutanynyň saglyk ýagdaýy hakynda gep-gürrüňleriň ýaýramagyna alyp geldi.

Koreýanyň merkezi habar gullugy 2-nji maýda Kim Çen Ynyň Phenýanyň eteginde gurlan dökün öndürýän zawodyň dabaraly açylyşyna gatnaşyp, lenta kesendigini habar berdi.

Altynjy gün çap edilen suratlarda lideriň ýylgyryp, kömekçileri bilen gürleşişi we zawody gözden geçirişi görkezilýär.

Bu suratlar resmi “Rodong Sinmun” gazetinde çap edildi diýip, “Roýters” olaryň asyl nusgadygyny tassyklamazdan habar berýär.

Merkezi habar gullugy Kim Çen Ynyň zawodyň açylyş dabarasyna beýleki ýokary derejeli resmiler we, şol sanda, öz uýasy Kim Ýo Çžon bilen gelendigini habar berdi.

Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, dogany wezipesini ýerine ýetirip bilmedik ýagdaýynda, ýurda ýolbaşçylyk etmek onuň aýal doganyna geçmeli.

Kim Çen Yn lentany dabara gatnaşýanlaryň “ura” diýen gykylyk-şowhunlary astynda kesdi.

Habar agentliginiň maglumatynda Demirgazyk Koreýanyň lideriniň pandemiýanyň fonunda, soňky hepdelerde köpçülige çykmazlygynyň hiç bir sebäbi görkezilmeýär.

Demirgazyk Koreýa wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin serhetlerini ýapdy we berk çäklendirmeleri girizdi.

30-njy aprelde ýurt hiç bir koronawirus näsagynyň hasaba alynmandygyny aýtdy, emma ekspertler bu maglumatyň ygtybarlydygyna şübhe bildirýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG