Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetde COVID hassalary bilen işleşen üçünji lukman aýnadan gaçdy


Скорая помощь в Москве (иллюстративное фото)
Скорая помощь в Москве (иллюстративное фото)

Orsýetiň Woronež regionynyň tiz kömek gullugynyň lukmany özünde COVID-19 keseliniň bardygy tassyklansa-da, işlemäge mejbur edilýändiginden şikaýat edensoň aýnadan gaçyp, agyr ýagdaýda galýar.

Bu, birnäçe günüň dowamynda Orsýetde bolan üçünji meňzeş ýagdaýdyr.

Aleksandr Şulepowyň kärdeşleriniň we Koronawirus boýunça ýerli edaranyň wekilleriniň aýtmagyna görä, lukman 2-nji maýda Nowaýa Usman şäherçesinde işlän we COVID keselinden bejergi alan hassahanasynyň ikinji gatynyň aýnasyndan gaçypdyr.

Şulepow 22-nji aprelde wirus sebäpli hassahana salnypdyr, onuň ikinji testi negatiw netije berensoň onuň çykarylmagy planlaşdyrylypdyr. Şol günüň özünde Şulepow we onuň kärdeşi Aleksandr Kosýakin testleriniň pozitiw bolan wagtynda öz ýolbaşçysynyň olary başga kärdeşleri bilen bile işleşmäge mejbur edendigini aýdyp, wideo ýaýratdylar.

Şulepow Orsýetde koronawirus epidemiýasynyň dowamynda gümürtik ýagdaýda aýnadan gaçan üçünji lukman.

Orsýetde COVID-19 bilen kesellänleriň resmi sany 4-nji maýda 150 müňe golaýlady.

XS
SM
MD
LG