Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýran serhetçileri owgan migrantlaryny derýä sürdi, köpüsi gark boldy


Eýranyň we Owganystanyň arasyndaky serhet geçelgesi

Owganystanyň resmileri Eýranyň serhetçileriniň owgan migrantlarynyň serhetden geçmeginiň öňüni almak üçin olary derýa sürendikleri barada peýda bolan habarlardan soň, 3-nji maýda Herat welaýatynda owgan migrantlarynyň jesetlerini derýadan gözläp tapmak we çykarmak boýunça işlerine başlandygyny mälim etdiler.

2-nji maýda Owganystanyň daşary işler ministrligi habarlar boýunça derňewleriň başlanandygyny habar berdi.

Bolan wakada näçe migrantyň ejir cekendigi dessine mälim edilmedi. Eýranyň regional geňeşi agzalan ýagdaýlary ret etdi.

Owgan prezidentiniň administrasiýasynyň resmisi deslapky derňewlere görä, Eýrana Heratdan geçmekçi bolan azyndan 70 sany owganystanlynyň urlup, derýa taşlanan bolmagynyň çak edilýändigini aýtdy.

Heratyň etrap lukmanlary bäş sany owgan migrantynyň jesetleriniň getirilendigini, käbiriniň gark bolup ölendigini aýtdylar.

Owgan resmileri eýran serhetçileriniň owganlary heläklemeginiň ilkinji gezek däldigini aýdýarlar.

Owganystanyň we Eýranyň 920 kilometrlik umumy serhedi bar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG